Yükleniyor...

ŞEMSEDDİN YEŞİL'S LIBRARY

LIBRARY OF CENTURY

Languages

About

Muhammed Şemseddin Yeşil Kütübhanesi.

Muhammed Şemseddin Yeşil Kütübhanesi’nin kuruluş senesi 1932 yıllarına dayanmaktadır. Gayesi; haftalık çıkardığı dergisi İslamiyet Gazetesi ile bu necip Türk kavmine hizmet olup ömrünü bu yolda vakfetmiştir. Hali hazırda 150’nin eseriyle bu hizmeti bu kütübhanede devam etmektedir.

Ahlâk Nedir?

İnsanı Allah'ın huzuruna ne çıkarır?

Ahlâk Nedir, 10. Konferans

Ebediyyetle irtibat tedarik etmedikçe, ahlak putesinde erimedikçe katiyyen hür ve müstakil olamaz. Yalnız mügakatalı hürriyet mevhumuna esir olur. Ahlâk insanı mügalatalı hürriyet mevhumuna esir olmaktan kurtaran şeyin adına denir.

Müsavat Nedir, 20. Konferans

Akl-ı selimin kabul ettiği müsavat gönül müsavatı. "Camide" der Peygamber "bir adam daima bir köşeyi kendisine ihda edip de hep orda otursa Namazlarında kerahat vardır" der. "Çünkü orada bir hiss-i tefahür yapmıştır. Arayan beni burda bulsun diyerekten bir köşe tayin etmiştir. Böyle şey olmaz" der. Gördün mü müsavatı?

Mahrumlar, 30. Konferans

Bir pir-i nuşenden ruhun sâfâsını iste. Dünya perestlerin sohbetinden kaç. Onlar asrın en büyük alakasıyla olsalar, nefis ehli olduklarından, kendi benliklerinden sâfâ-i hakikiyi bulamamışlardır..

Eserler

Ebedi istikbalini kurtarmak isteyen herkese tavsiye edilir
M. ŞEMSEDDİN YEŞİL КТО?

 

Bismillahirrahmanirrahim

Muhammet Şemsetdin Ýeşil Hezretleri kim?

Allanyň nazar salan gullarynyň biri bolan bu kişi hakynda maglumat ýygnap ýörkäler, haýyş bilen meniňem ýanyma geldiler. Ýaşan ömrümde bu meniň üçin iň kyn wezipedi. Häki bir, damjadan derýa hakynda soralan ýaly bir zatdy.

Magnewi älemiň giňişliginde dogup, köňül älemlerinde ýagty saçyp, ýene-de şol älemiň jümmüşinde ýaşyp giden bu ägirtleri tanamak hem-de başga adamlara tanatmak aýratyn ussatlyk talap edýär. Biziň olar barada bilýänje zadymyz bolsa, öz-görüp eşidenlerimizden ybarat. Atalarymyz: “Zer gadyryny zergär biler....” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar.

Bu setirlerden soňra meniň barja aýtjak bolýan zadym, ýene-de beýik şahsyýetiň dürdäne sözleri bilen aýdanyňda: “Iýlip gutarylan miweleriň gury gabyklaryndan ys aljak bolýana meňzeýär.” Muhammet Şemsetdin Ýeşil hezretleriniň VII tomluk “Füzuýat” atly Kuran tefsiriniň sözbaşysy bolan “Ynsan we Kuran” atly makalasy hem,  onuň terjimehaly bilen gyzyklanýanlar üçin örän gymmatly çeşmedir.

******

Bu ussat alymyň mähribän enesi Hanife hanym perzendiniň dogluşy bilen baglanyşykly şu täsin wakany gürrüň berýär: “Hamyla döwrümde arkamda, sag tarapymda ap-ak eşikli bir nurana ýagşyzada meni hemişe goraglap gezerdi. Yzyma  gaňrylyp seredemde,  onuň egnini hem-de ak eşikleriniň bir bölegini görýärdim.

Hijri 1322-nji hijri ýylynyň Muharrem (Aşyr) aýynyň 10-ny güni säher çaglarynda, sagat on töwerekleri, oglum Muhammet Şemsetdin dünýä indi. Soňra birnäçe gün geçensoň, haçan oglumyň sallançagyny üwremäge baramda, onuň öz-özünden üwrelip duranyny görerdim. Ýogsam, öýde menden başga adam ýokdy. Bir güni ýoldaşym bilen saçak ýazyp, nahar iýip otyrdyk. Birden, gapyň agzynda bir nurana adam peýda boldy. Men onuň egnindäki eşiginden hamyla wagtym meni gorap gezen kişidigini tanadym. Adamym ikimiz doňup galdyk. Ol sallançaga ýanyna ýöräp bardy hem-de kän wagtlap oglumyzyň ýüzüne seredip durdy. Soňam gapydan çykyp gitdi. Onuň yz ýany kalp gözi açyk, takwa adamym maňa bu kişiniň Abdylkadyr Geýlany hezretleridigini aýtdy.”

Men muny ol mübärek zenanyň hut öz agzyndan eşidipdim.

Bir gün ol mübärek kişiniň Beýazit Sahaflar bazarynyň 8-nji hatarynda ýerleşen kitap dükanynda otyrdym. Ol mumlanan ýaly, uly goňras kagyzy çykaryp, stoluň üstüne ýazdy. Bu şejeredi. Dükanda adamym Adnan Selman hem-de şu wagt, doly ýadyma düşenok, bir-iki sany ýoldaşymam bardy. Muhammet Şemsetdin hezretleri öz aslynyň hezreti Abdulkadyr Geýlanydan gaýdýandygyny subut edýän şejere daragtyndan mübärek barmagy bilen atalarynyň adyny görkezdi.

Onuň Soltan Myrat II döwründe Gündogardan göçüp gelen ata-babalarynyň guburlary, häzirki döwürde Geredäniň golaýyndaky “Ümmi Kemal” medresesinde ýerleşýär. Şol medresä hem-de şol uruga ady  goýlan bu alyma halk tarapyndan “Kämilligiň enesi ýa-da kämil kişi” manysyny aňladýan “Ümmi Kemal” lakamy berlipdir.  Ýowuz Soltan Selim ýörişe çykan wagty Gerede töwereginde düşlände, bu alymyň at-owazasyny eşidýär. Soňra hem ony myhmançylyga çagyryp, gürrüňdeş bolýar hem-de sylag-hormat edýär. Şübheçil adamlara mahsus bolan bilesigelijiligini ýeňip bilmedik Soltan Selim, ol alymy synap görmegi ýüregine düwýär. Aýdyşlaryna görä, Soltan weziri bilen ogrynça dilleşip, hiç kime bildirmän, “Agşam wezirim dünýäden ötdi” diýip, habar ýaýradýar hem-de ol alymy jynaza namazyna çagyrdýar. Jynaza namazyny okatmak üçin tabydyň garşysyna geçen Ümmi Kemal hezretleri  birdenkä ýeňsesinde duran patyşa öwrülip: “Patyşahym, ölü üçin niýet edeýinmi ýa-da diri üçin?” diýip soraýar. Patyşa geň galyp: “Elbet-de, öli kişi üçin” diyipdir. Jynaza namazy gutaransoň, tabyty açyp görseler, weziri hakykatdanam ölen ekeni. Şeýtmek bilen, Ümmi Kemal hezretleri Soltana hem-de ol ýerdäkilere Allanyň dostlary bilen oýun etmeli däldigi hakynda uly sapak beripdir.

Ynha, görşüňiz ýaly, Älemleriň Serweri hezreti Muhammet aleýhissalatu wesselama uzap gidýän bu mübärek agajyň miwesi bolan Muhammet Şemsetdin Ýeşil  hezretleri ýarym asyrlap, gije-gündiz, ýaz-gyş diýmän, hezreti Muhammediň (sallallahu aleýhi wesellem) söýgüsi bilen köňülleri joşdurup, Onuň getiren kitaby Kurany Kerimi ussatlyk bilen, diýseň ajaýyp usulda beýan etdi. Ol hak din üçin her dürli jebri-jepalara döz geldi. Älemi-Jemala (bakyýete) göç etmeli aýlary golaýlanda, ýürek agyrysynyň hem-de süýji keseliniň iň güýjän wagty, aýak üstünde zordan durandygyna garamazdan, wezipesini dowam etdirişini synlaýan ýakyn dostlary bolan doktorlaryň: “Janyňyza kast etjek bolýaňyzmy?” diýen soragly nazarlaryna, Muhammet Şemsetdin Ýeşil  hezretleri mübärek münberiniň üstünde oturan ýerinden ýylgyryp: “Men siziň näme diýýäniňizde gowy düşünýän.  Siz şu mahal içiňizden “Siziň halyňyzdaky keselli adam münbere çykmag-a beýlede dursun, düşeginde gymyldaman ýatmaly ahyry” diýýänsiňiz. Ýöne menem etjegimi bilýän adam. Allany tanatman we hakykaty ýaýman uzak ýaşanymdan, Haky tanadyp, ýekeje sagat ýaşanym gowudyr” diýip, bu dünýä näme sebäpden gelendigini hem-de wezipesiniň diýseň jogapkärlidigini ýaňzydypdyr. Ahyrsoňy lukmanlaryň “Keselhanada ýatsaň, gowulanyp, peýda taparsyň” diýip, aýak depip duransoňlar, olaryň raýyny ýykman: “Ýeri bolýar, bir aý ýaly keselhanada-da ýatyp göreli” diýip, keselhana gaýdyp, şol aýyň ahyrynda ötenlerine gowuşdy.

Muhammet Şemsetdin Ýeşil  hezretleri heniz on üç ýaşyndaka pygamber münberine çykyp, elli ýyllap mübärek sözleri we saldamly eserleri bilen adamzat nesline nur saçdy. 1947-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaryp başlan “Hakykat ýoly” žurnalynda, soňra-da ilkinji sanyny 1948-nji ýylyň 22-nji martynda çykaran “Yslamyýet” gazetinde ençeme ýyllap, Yslam dininiň belentligini ýaýmaga çalyşdy. Hijri 1322-nji ýylda Stambulda dogan bu hakykat güneşi yzynda ýüzden gowrak deňsiz-taýsyz gymmatly eserleri miras goýup, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýaly altmyş üç ýaşap, 1389–njy ýylyň Rebiýel-ahyr aýynyň 12-sine duşenbe güni (8 iýul, 1968),  müňlerçe kişiniň kalbyny gussa gaplap, ýene-de Stambulda ýaşdy. Onuň gümmezi Stambulda, Siliwrikapy gonamçylygynda, söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) mübärek agtygy Seýýid Nyzam hezretleriniň metjidine we guburyna barýan ýoluň çep tarapynda ýerleşýär.

*****

Onuň pederi Hüseýin Efendi Hezretleri Samatýanyň golaýyndaky Agahammam sebitinde ýerleşýän “Hatuniýe” mesjidinde ymamlyk edipdir. Halk içinde ady uly hormat bilen tutulýan Hüseýin Efendi belent mertebeli, alym kişi bolupdyr. Ol dünýeden ötenden soňra, dinine sadyk takwa ýanýoldaşy Hanife hanym 12 ýaşly ogly Muhammet Şemsetdin we 7 ýaşly gyzy Emine Makbule Nüzhet bilen ýalňyz galýarlar. Bu agyr ýyllar Garaşsyzlyk ugrundaky söweşe gabat gelipdi, garyplygyň halkymyzyň gerdenine çöken döwründe, kakasy düşekde ýatyrka, iýmäge çörek tapylmadyk şeýle kyn günleriň hupbatyndan basylmadyk kiçijik Şemseddin, okuwa göterýän torbasyny kişdeden, maňyzdan doldurup, gurply ýaşaýan ofiserleriň çagalary bilen çörege çalşyp, her gün öýüne bir halta  çörek getirer eken. Kakasynyň aradan çykan wagty, söwda-satyk edip, tutuş bir öý satyn alar ýaly pul jemländigini hut öz agzyndan eşidipdim.

Sekiz-on ýaşlaryndan öz öýüniň maddy ýüküni, tutuş ömri boýunça-da halkyň magnewi ýüküni gerdenine alan Şemsetdin Ýeşil hezretleri kakasy dünýäden ötenden soňra, 13 ýaşynda Hatuniye mesdjine ymam bolýar. Onuň ilkinji ymamlyk eden Hatuniýe mesjidiniň taryhy barada uýasy Nüzhet hanym şeýle gürrüň berýär:

“Stambulyň, Samatýa Agahamam diýen ýerinde eliniň hünäri bilen gününi dolaýan hem-de sogap iş etmegi gowy görýän bir aýal maşgala köşgüň emeldarlarynyň biriniň gurdurýan metjidine haýyr-sahawat bagyşlaýar. Onuň eýesi: “Haýyş edýän, siz beren saýyr-sahawatyňyzy yzyna alyň. Men gurduran metjidimiň haýyr-sogabyna hiç kimi şärik goşasym gelenok” diýende, ol zenan: “Bolýar, ýöne bir şertim bar, meniň üçinem bir metjit saldyrsaňyz, haýyr-sahawatymy yzyna alýan” diýipdir. Ol şol günüň gijesi düýş görýär. Düýşünde biri oňa: “Sen näme üçin başga kişilere ýalbaryp ýörsüň? Bagyň çüňkünde gömügli altyn bar. Şony al-da, bir mesjit saldyr” diýýär. Şeýdibem ol aýal täze mesjit saldyrýar we oňa “Hatuniýe Metjidi” diýen at goýulýar. Bu sahawatly aýal hem şol mesjidiň howlusynyň bir çetine jaýlanypdyr. Birinji Jahan urşunyň öňsyrasynda daşarky duşmanlaryň küşgürmegi bilen aýaga galan pitneçi galtamanlar Samatýa dökülip, ençeme ildeşimizi oka tutanda,  bu aýal birnäçe gün ozal Hüseýin Efendi hezretleriniň düýşüne girip: “Sen bu hepde metjide gitme” diýýär. Şeýdibem, bu pajygadan aman galýar. Gynansak-da, ol gymmatly metjit käbir bigadyr nadanlar tarapyndan ýykylypdyr.

                                                                  *****

Kakasy aradan çykandan soňra Şemsetdin ymamlyga başlanda, bu ýetmiş-segsen ýaşly garryja mollalaryň arasynda, “Bu ýaşdaky çaganyň arkasynda durup namaz okasaň bolarmy?” diýen jedele sebäp bolýar. Ahyrynda-da, bu meseleden baş çykaryp: “Ylmy laýyk gelýän bolsa, uýsaň bolar” diýen karara gelýärler. Şeýdip, onüç ýaşynda pygamber kürsüsine çykan bu alym ýarym asyrlap, Stambuluň meşhur metjitlerinde wagyz-nesihat edýär.

Öňden gelýän osmanly däbine görä, ol dört ýaş, dört aýlykka, “Bismilla” dabarasy bilen Kurany Kerime başlap, bäş ýaşynda hatym edensoň, Kojamustafapaşada we Dawutpaşada başlangyç we orta bilim alýar. Soňra-da, şol döwrüň ylahiýet fakultetinde, Yslam hukugy we binagärçilik gurluşugy ýaly ugurlarda okap, ýokary bilim alýar.

Wagtal-wagtal töweregindäki syýasy bähbidini öňe süren käbir kişiler tarapyndan gysylsa-da, kärdeşleriniň göripliklerine duçar bolup, nähak zulum-sütem edilse-de, hiç bir güýç Şemsetdin Ýeşil hezretleriniň bu ylahy wezipesini berjaý etmegine päsgel berip bilmeýär. Onuň mübärek sözleri öli köňüllere dirilik nuruny çaýsa, onuň ötgür galamynyň nurundan deňi-taýy bolmadyk eserler peýda bolýar. Dünýäde ýekeje ynsan, ýekeje-de kitap galman, durmuş ýaňadan başlansa, onuň eserleri tutuş  adamzada hezreti Muhammediň (sallallahu aleýhi wesellem) sagadat asryny täzeden ýaşadyp biljek derejede güýçlüdir. Menden “Onuň nähili keramatlary bardy?” diýip soranlara, “Onuň özi bir mugjyzady” diýip jogap beresim  gelýär. Şemsetdin Ýeşil hezretleri maňa meşhur weli zenanlardan Rabiatül-Adewiýýe (k.s) hakynda bir kyssa aýdyp beripdi:

“Günlerde bir gün döwrüniň meşhur ussady Hasan Basry (k.s) Tigr derýasynyň kenaryna gelip, hiç kimiň ýok mahaly, namazlygyny suwuň üstüne ýazyp, üstünde oturýar. Ony gören hezreti Rabia hezretleri (k.s) hem ýaglygyny ýazyp, üstünde oturýar hem-de ikisi bilelikde derýanyň aňry tarapyna geçýärler. Şonda hezreti Rabia (k.s): “Hasan! Bu edýän işimiz dogrumuka beri?! Aşagyňdaky ýaýylyp ýatan derýadaky balygam senden ozup geçip, seniň bolşuňa gülýärdi. Meň üstümdäki siňeklerem menden çalt uçup, meň üstümden gülýärdi. Sen keramat görkezjek bolsaň, maňa miwäňi görkez! Näçe köňüle iman nuruny çaýdyň, näçe ýürekde Alla söýgüsini döredip bildiň?” diýýär”.

Hawa, özünden bu rowaýaty diňläp, müňlerçe kalby hezreti Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) bolan söýgi bilen nurlandyranyny görüp, onuň ähli eserlerini okanymdan soň, başga haýsy keramatyndan söz açyp bolar? Meselem, onuň “Hezreti Muhammet aleýhissalatü wesselam” atly eseri bütin Yslam dünýäsindäki pitneleri ýatyrmaga, bütin mezhepleriň arasyndaky jedelli meseleleri çözmäge ýeterlikdir.

Hemmä düşnükli bolar ýaly edip aýtsam, onuň köp keramatyny gördüm. Gaty zerurlygy bolmasa, keramatyny görkezmegi halamaýandygy üçin, menem olary aýtmaga ejap edýärin.

Şemsetdin Ýeşil hezretleri dinine bolan mukaddes hyzmatynda, bir ýandan Alla teşne köňülleri magryfet hem-de muhabbet şerabyndan gandyrmaga çalyşsa, beýleki tarapdan, atalarynyň ezeli duşmanlaryna, ýagny bu döwrüň ýezitlerine-de göz görkezýärdi. Her döwürde bolşy ýaly, dini alymlara görübilmezçilik edýänler, nadanlar bu ägirdi hem öz gününe goýman, elinden ymamlyk diplomyny alanlarynda-da hiç hili yza tesmän, bu mukaddes wezipesini on ýedi ýyllap “Beýik Ahlak” žurnalynyň sahypalarynda “Ahlak dersi” ady bilen dowam edýär. Häzirki günlerde-de onuň ajaýyp söhbetleri radiodyr magnitafonlarda goýberilip, halka hyzmat etmegini dowam edýär.

Sözümiň şu ýerinde, onuň käýarym bize okap berip, göwnümizi hoşlaýan, örän ajaýyp sygryny aýdasym gelýär:

“Suhanweriň eseri, ýaşaýan bir ömürdir,

Ýitip, ýok bolsa-da, ýene sedasy geler.”

Bu ajaýyp ömür ýolunyň ýene-de bir üýtgeşik tarapy-da, beýan edýän hak diniň kadalaryna bap gelýän ukyply täjirdi. Ol hem ata-babasy Abdylkadyr Geýlany Hezretleri ýaly diýseň rysgally adamdy hem-de edýän magnewi hyzmaty üçin hiç zat kabul etmezdi.

Şejere daragty hezreti Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) gözbaş alyp gaýdýan bu belent mertebeli ynsanyň iň möhüm aýratynlygy, onuň daş keşbiniň hem  Serwerimize (s.a.w) meňzemegidi. Şemsetdin Ýeşil hezretlerini görmek bagtyna eýe bolanlar we hezreti Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) mübärek sypatyny bilenler bu hakykaty şeksiz-şübhesiz tassyk ederler.

Meniň ýarpy-ýalta sözlerim bilen ony bolşy ýaly beýan edip bilmedim. Ine, beýik şahyrymyz merhum Muhýiddin Raif Beý oňa bagyşlan şygrynda ussadyň belent sypatlaryny şeýle teswirleýär:

“Her zerräm saňa hormat etse, ýene-de azdyr,

Keşbiň ahyrzaman Pygamberiniň keşbidir!”

Sözüň gysgasy, ol bir kämil şahsyýetdir, Burhanullahdyr (Allanyň delilidir).

***

Şemsetdin Ýeşil hezretleri hiç bir partiýaň agzasy bolmasa-da, hemişe sagçylary goldardy. 1946-njy ýylda merhum Nury Demiragyň haýyş edip durmagy bilen Milli Galkynyş partiýasynyň adyndan, 1950-nji ýylyň saýlawlarynda bolsa, Demokratik partiýanyň adyndan özygtyýarly dalaşgär hökmünde gatnaşdy. Onuň bar maksady ur-tut syýasata girmek däl-de, saýlaw mitinglerinde çykyş edip, sözüniň arasynda bir-iki agyz hem bolsa, radionyň üsti bilen öz halkyna Hakyň bardygyny haýkyrmakdy. Bir gezek radioda Koreýada şehit bolanlaryň hatyrasyna möwlit okalanda, soňra-da birnäçe gezek möwlit dogasyny okanda, Anadolynyň iň alys künjeklerinden tä günbatar Trakýa çenli tutuş türk halkynyň ruhunda möwç urýan iman deňzini şeýle bir joşdurupdy welin, ol dogalar häli-güne çenli diňlänleriň gulagynda ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur.

Şonuň ýaly-da, Şemsetdin Ýeşil hezretleri syýasat bilen meşgullanýan adamlaryň taryhy, esasanam türk halkynyň taryhyny bäş barmagy ýaly bilmelidigini köp nygtardy. Syýasatymyzyň gazanan ösüşlerine öz ýanyndan buýsanardy, nogsanlyklaryny görende bolsa gaýgy-alada gurşardy. Ol merhum Adnan Menderesi: “Türkiýe musulman döwletdir we musulmanlygyna-da galar, musulmançylygyň hemme kada-kanunlary berjay ediler” diýen sözleri üçin uly hormat goýardy. Onuň ömrüniň pajygaly tamamlanmagyna-da ýürekden gynanypdy. Ussat “Yslamyýet” gazetiniň 151-nji sanyndaky “Adnan Menderes” atly sözbaşyly makalasyny hem şoňa bagyşlapdy.

Şemsetdin Ýeşil hezretleri Yslama edilýän duşmançylykly hüjümleri hiç wagt gözünden sypdyrmazdy hem-de şol bada ýiti galamy bilen olaryň hüjümine garşylyk bererdi. Mysal üçin, Ýakowasyň “Ýagty gözýetimlere” atly eserinde musulmançylyga, Fatih Soltan Mehmede  hem-de türk halkyna ýöňkän töhmetlerini “Yslamyýet” gazetinde çap edilen “Metropolide Jogap” diýen çykyşynda (soňra kitap bolup çykdy) ötgür sözleri bilen şeýle bir paş edipdir welin, bir gün Stambulyň iň baý adamlarynyň biri Ýorgo Çilingirogly onuň ýanyna gelip: “Efendim, özüňizem biýänsiňiz, size uly hormatym bar. Şonuň üçin hristiýan köpçüligi meni size ilçi edip goýberdi. Olar sizden “Yslamyýet” gazetindäki “Keşişe berlen jogap” atly ýazgyňyzy goýbolsun etmegiňizi haýyş edýärler... Çagalarymyz dininden daşlaşyp barýar” diýip haýyş edýär. Ol şonda: “Hormatly Çilingirogly! Eger-de bu islegiňiz meniň şahsyma degişli bir zat bolsady, derhal kabul ederdim. Emma, bu işde Allanyň (jelle jelaluhu) we Onuň Ilçisiniň (s.a.w) hukugy goralýar. Muny asla edip bilmerin” diýýär. Edil şol gün “Beýik Ahlak” guramasynda geçirilen konferensiýada Şemsetdin Ýeşil hezretleriniň eden çykyşyny aglap diňlän Ýorgo Çilingirogly, çykyş gutaransoň onuň elini öpüp: “Efendim, şu çaka çenli Çilingirogluny hiç kim agladyp bilmändi. Ýöne siz aglatdyňyz” diýýär.

Ýene-de bir mysal, 1951-nji ýylda “Watan” gazetiniň redaktory Ahmet Emin Ýalman bir makalasynda “Yslamyýet” gazeti zäher pürkýär” diýip, myjabat atýar. Bu barada Şemsetdin Ýeşil hezretleriniň  “Yslamyýet” gazetiniň 1951-nji ýylyň 2-nji aprelindäki sanynda çykan jogap makalasyndan kiçeňräk bir bölegi dykgatyňyza ýetirmek isleýärin:

“Taryhy geçmişiň  iň gadymy eýeleri bolan asly halal türk halkynyň gany bilen suwarylan bu mübärek topraklary birwagtlar Ermenistan döwletine sowgat beren Ahmet Emin Ýalman adyna bukulup ýören ýaman kişi, biziň ýazanlarymyza zäher diýipdir. Gör, ol nähili dogry aýdypdyr. Ol ýaşan ömründe hiç-haçan şunuň ýaly dogry sözlän däldir diýsek, ýalançy bolmasak gerek. Biziň ýazan setirlerimiz ýaz ýagyşlaryna meňzeýär, ýagny bu rahmet damjalary zemin bilen birleşende, toprakda düýbünden üýtgeşik özgerişler peýda bolýar. Ine, şol ýagyş damjalary bir sadap gabygyna damanda hünjä, ýylanyň agzyna damanda bolsa zähere öwrüler. Hakykatdan-da, biziň ýazgylarymyz hezreti Ynsanyň gulagyna baranda, onuň üçin zemzem suwuna öwrüler, teşne kalbyny suwlanda bolsa, ol ýürek öz aslyny tapmagyň yşkyndan ýaňa atygsar durar. Ol kalp Allahyň bütin ýaradanlaryna-da rehimli bolar. Emma biziň ýazgylarymyz ýarganat ýaly Günüň nuruna duşman bolan, hakykat Güneşi hezreti Muhammede (sallallahu aleýhi wesellem) garşy bolan betniýetli kişileriň gulagyna baranda welin, olaryň diňe dine duşmançylygyny, imansyzlygyny artdyrar. Şol sebäpli-de, biziň sözlerimiz Ýaman görgülä zäher bolup degen bolmaly...”

Bu wakadan soňra Ahmet Emin Ýalman: “Žurnalistlik döwrümde şu  güne çenli ýekeje kişiden basyldym. Olam gynansamam, bir dindar adamdy” diýipdir diýýärler.

“Akmak dostuň bolandan, akylly duşmanyň bolsun” diýilýär. Edil şonuň ýaly, Ahmet Emin Ýalman hem Günbatar ýurtlaryndan musulman bolmak isleýän ýa-da Yslam dini bilen gyzyklanýan birine duşaýdygy: “Bu mesele barada ýekeje soralýan gapy bar. Ol hem Şemsetdin Ýeşil  hojadyr. Gidiň, şondan soraň!” diýer ekeni. Hawa, Şemsetdin Ýeşil  Hojanyň ýanynda kyrk dokuz sany gaýry dinli musulman bolup, Yslama girýär. Aşakdaky gürrüň berjek wakam hem olaryň biri:

Germaniýada injenerçilik ugrundan okap ýören bir türk ýigidi nemes gyzyna öýlenýär. Bu imanly oglan öz gelniniňem musulman bolmagyny isleýär. Ol gelniniň ýüregini Yslam dinine ysnyşdyrjak bolup, gaty köp ýerlere aýlaýar, emma gyz kanagatlanmaýar. Ahyrynda biri bu juwanlara: “Siz Şemsetdin Ýeşil  Hojanyň ýanyna gitmeli ekeniňz” diýip, salgy berýär. Olar ussadyň ýanyna gelýärler. Hristian gyz: “Agam, ýigrimi bäş ýyldan bäri hezreti Isa (aleýhisselam) bolan söýgümi ýüregimde saklap gelýän. Birbada men ony nädip ýüregimden aýraýyn?”diýip aglap başlanda, Şemsetdin Ýeşil  Hoja: “Gyzym, saňa Yslamy ýalňyş düşündiripdirler. Hezreti Isa (a.s) bolan söýgiňi kalbyňdan sogrup taşlamaly diýen zat ýok. Ine görersiň, musulman bolaňdan soň hezreti Isany (a.s) öňkiňdenem beter söýersiň. Ähli pygamberlere ynanman, hiç kim musulman bolup bilmez” diýip, Yslamyň birnäçe aýratynlyklaryny düşündiripdir hem-de hristiýan gyzyň begenip, çyn ýürekden musulman bolmagyna sebäp bolýär.

Onuň mübärek ömrüniň iň möhüm wakalarynyň biri-de şu wakadyr:

Şemsetdin Ýeşil  Hoja bir güni Bogaziçindäki mesjitleriň birinde wagyz edip otyrka, ony diňläp oturan, Gündogary öwreniji ýewropaly bir keşiş, wagyz gutarandan soňra, ussadyň mübärek elinden tutup: “Bagyşlaň, eger mümkin bolsa, siziň bilen on bäş minut gepleşip bilerinmi?” diýip haýyş edýär. Ol hem kabul edýär. Soňra keşiş özüniň  arap dilini suwara bilýändigini, Kurany Kerimi içgin öwrenendigini, ähli yslam döwletlerini gezip, iň meşhur ulamalar bilen duşuşandygyny aýdýar. Soňra Kurany Kerimdäki bir zat hakynda hiç kimden kanagatlanarly jogap alyp bilmändigini gürrüň berip: “Sizi diňläp otyrkam, içimden bir ses, bu müşgil işimi siziň asan eýlejegiňizi maňa habar berdi” diýýär. Şemsetdin Ýeşil  Hoja: “Aýdyň, diňläli” diýip, razy bolýar. Keşiş hem: “Kurany Kerimde Haktagala bir aýatda: “Amanady eýesinden başga kişä bermäň!” diýýär. Yslam Pygamberi (s.a.w) hem: “Amanatyň hak eýelerinden başga birilerine berilmegi, kyýamatyň ýakynlaşýandygynyň alamatydyr” diýýär. Ýene-de başga bir aýatda: “Biz amanaty (Allanyň dinini) asmanlara, ýere we daglara teklip etdik, emma olar muny götermekden boýun gaçyrdylar we onuň jogapkärçiliginden gorkdular. Ony ynsan boýnuna aldy. Çünki, ol örän zalymdy we nadandy” diýilýär. Alla näme üçin özi Alla bolubam amanadyny örän zalym we nadan bolan ynsanyň eline berýär?” diýip soraýar.

Indi, ol ägirdiň bu sowala beren jogabyny, öz eserinden diňläliň:

“Bu ýerde agzalýan zulum mubah[1] zulumdyr, adalatyň garşydaşy bolan zulum däldir. Nadanlyk hem mubah nadanlykdyr, ylmyň garşydaşy bolan nadanlyk däldir. Ynsan nebsiniň güýçli zalymy boldy, Hak we hakykatdan gaýry zatlaryň hem nadany boldy. Amanady almak hukugyna eýe boldy. Diýmek, Allanyň amanatlary, nebsiniň isleglerine boýun bolman, Hakdan we hakykatdan gaýry zatlara nadan bolan adamlarda bolýar. Şonuň üçinem, amanady kalp göterýär. Çünki, kalp Allanyň seredýän ýeridir. Kalbyň eýesi bolsa, diňe hezreti Ynsandyr.

Bu aýdylanlary diňlän keşiş, alan jogabyndan kanagatlanyp: “Bagyşlaň, siziň çagaňyz barmy?” diýip soraýar. Ol hem: “Entek öýlenmedim” diýip jogap berýär. Onda keşiş: “Ýok, siz ýalňyş düşündiňiz, men beýle diýmek islemedim. Siz ýaly adamyň çagasy etden, gandan bolmaz. Ýazan eseriňiz, beýlekiňiz ýokmy diýjek boldum. Siz ylmyňyzy ýanyňyz bilen äkitmekçimisiňiz? Adamzat peýdalanar ýaly, bir ýoluny tapjak dälmisiňiz?” diýipdir hem-de eserleriň ýazylmagyna sebäp bolupdyr.

Ägirt söz ussady, Muhammet Şemsetdin Ýeşil hezretleri bu pany dünýäden ahyrete göç eýlände, yzynda ýanýoldaşy Fikret Hanymy hem-de Hüseýin Ezan atly edep-ekramly, wepadar, akylly ogluny goýup gitdi. Bu mübärek perzendiniň Muhammet Şemsetdin, Aly Akdes, hem-de Ahmed Sejjad atly ogullary, Fatyma Nur Hadra atly gyzy bar.

“Mustafanyň (s.a.w) maşgalasyn, ähl-i beýtin söýmeýän,

Esfeli-sufliýýete[2] nadan geler, nadan gider.”

Allatagala bizi hezreti Resulyndan (sallallahu aleýhi we sellem) hem-de onuň nesillerinden aýyrmasyn! Ämin!

Umran Selman.

1995-nji ýylyň ýanwary. Stambul.

 

 

 

 

[1] Mubah: edilmeginde günä ýa-da sogap bolmaýan amallar.

[2] Adamkärçiligiň iň pes mertebesi, haýyn, nejis, haramzada.

Haber Almak için

İletişim Bilgilerimiz

istekleriniz ve önerileriniz için bizimle iletişime geçebilirsiniz

Adres: Beyazıt Sahaflar Çarşısı No: 8

Telefon No: +90 212 527 6674

EMail: info@semseddinyesilkutubhanesi.com